عنوان مقاله
| عنوان مقاله | بروز رسانی | |
|---|---|---|
|
1
|
18 فروردین 1391 | |
|
2
|
11 آبان 1390 | |
|
3
|
18 مهر 1390 | |
|
4
|
3 شهریور 1390 | |
|
5
|
26 مرداد 1390 | |
|
6
|
1 فروردین 1390 | |
|
7
|
3 مهر 1389 | |
|
8
|
30 شهریور 1389 | |
|
9
|
30 شهریور 1389 | |
|
10
|
23 شهریور 1389 |
tamdyra
Sap
Kädi
Gapak
Tamdyraň böleglerniň ady Tamdyra esasan 3 sany bir – birine ýelmeşdirelen agaç böleglerinden Bejerilen. 1.kädi 2.sap 3. gapak Tamdyraň kädisi tut agaçdan ýasalýar.kädi ýasalan wagty her bir usta Özüniň bejerliş usulina göre , uli ýa kiçi edip ýasaýar. Tamdyraň sapy erig agajyndan ýasalýar. kädi ýa sap haýsy bir böleg , ikisi – de agajyň ortarasyndan (magzyndan) kesilip alynýar.Tamdyraň gapagy , elbetde tut agajyndan ýasalýar. Tamdyraň nähilli ýasalyş hakynda ýörite ýazylan kitabi aşgabat şährindeTapyp bilersiňiz! Tamdyraň awazy 2 sany kirş bilen ýaňlanýar.kirşleriň inçe we ýogynlyk derejesi tamdyraň awazyny köp ütgetýär.Tamdyrany täze öwreňjiler üçün kirş inçe bolsa onuň barmaklarnyň asuda we tiz hereket etmegine uly rolly eýeleýär.Türkiäň saz gurallar kirş ölçgi bilen N:16 kirş , barmaklara has hem mynasyp. Tamdyrada saz çalmak üçün 13 sany – dan ebarat bolan Perde ýerleşýär. We hemme perdeler ½ ton beýikligde iz – izindendurýar. Tamdyraň kirşleri awazlanar ỹaly 2 sany eşek (ýörite kirşler üçün,gaagaçdan ýsalan,kiçijik köpri)1boýnuz tamdyraň bölegleriniň üstünde goýlandyr. 1-nji eşek şeytan perdr bilen we kirşleriň gulognyň arasynda bejerlin 2-nji tamdyraň gapagnyň üstüne ýerleşýär.Boýnuz bolsa kädiň aşagynda mähkämlenen.kirşleri daňmak we hem sazlamak üçün her byr kirşe , bir sany tamdyra gulogy goýlupdyr. Tamdyradan çykýan awaz saz dünýäcinde , iň owadan ses kwarta adly ton aralygy bilen ýañlanýar. E ton bilen A ton aralygy 4sany bolan
Üçin latin
dilinden gelen kwarta diýip
aýdylýar.
Tamdyra edinmek üçin maglumat
Saz
çalmakda haýsy bir gural bolanda , onuň dogry ýaslşy we arassa ses
çykmagy iň esasy şert.
Mesal üçün : kirşler bilen gapagyň arasy belli bir derejeden köp
beýik durmagy hiç bir hewösjeň saz çalýany
begendirmeýär.
Ikinji şert Tamdyrada arassa ses çykarmak üçün perdeleriň öz ỹerinde
dogri ýerleşmesi.käbir ustalar tamdyrany ýasan wagty,
perdeleriň ölçegni ¼ Cm aralyg ýalňyş
goýýarlar,şü sebäbli sesler ýalňyş ton-da
çykýar.
Tamdyra satyn alnynan wagty, hökman ustadan tamdyraň haçan
ýasalan , ýagny haýsy pasyl – da bejerlendigini soramaly.
Eger tamdyran tomus – da ýasalan bolsa , onda perdeler köp wagta
çenli gawşaman durýar.Emma gyşda ýasalan tamdyralar , 6 aý
geçmän eýýäm perdeleriň halkasy gawşaýar.
Saz hewösjeňler tamdyrany satyn alan wagty , öz barmaklarnyň
ölçegine ser edip, tamdyraň sapy ýogyn ýa-da inçeräk
bolmagyny we onuň öz eline laýyk-dygyny barlap almalydyr.
Esasan
täze saz öwreňjiler tamdyry satyn aljak wagty,
eger-de bir tejrebeli kişi
bilen gitse oňat bolar.
Tamdyra ýasamakda,ady belli tamdyra ussasy köp
bahşy-sazandalaryñ halypasy mukam dörediji Gulgeldi
ussa bütün türkmenlerde ady nesilde nesile geçip onuň hakynda köp
rawýatlary bize eýtipdir.
Ýaşuli sazandalaryň aýtmaklaryna görä, Gulgeldi ussa
1834-nji ýylda dogulup 1884-de aradan çykypdyr.Ol bary ýogy 50
ýyl ýaşapdyr.
Şeýle az ýaşasada, ol Amangeldi göni( 1833- 1879), Kel
bahşy( 1850-1923), Täçmämed suhanguly(1865-1942) ýaly ençeme ezber bahşy-Sazandalara
halypalyk edipdir.Gulgeldi öz döwründe tamdyra ýasmaga ökde
bolansoň, onuň adyna ussa lakamyny goşupdyrlar.
Gulgeldi ussa amangeldi gönä ussatlyk patasyny berende: sen biziň
Babagammarymyz bolup eýtişersiň- diýipdir.Onuň
aýdany dogry bolup çykypdy.Gulgeldi ussa Amangeldi göni bilen
ýaşytdaşrak bolan.
Amangeldi bir bada ata çykyp,Türkmenleriň üstüne howp
salýan gelmişekler bilen göreşip,güjüni şoňa berýär.Gulgeldi
ussa bilen duşuşanyndan soň, ünsüni tamdyra berip başlaýar.
Gulgeldy ussa mukam döretmäge-de zehinini siňderen adam.Şol döwür
Gökdepede ýedi,mukamyň her nusgasyny bir ussat sazanda döredipdir.
Oňa
mysal edip “ Saltyklary” görkezmek bolar.
Tamdyrany eliňe alyp we çalmak täri
Haýsy
bir saz gural
bolanda – da, ony dogry eliňe
alyp we jaýly tutulmagy saz
çalmak
tekniki , we ustadlyk derejesine ösmeginde uly roll eýeleýär.
Tamdyrany çalmak üçün , sag el bilen kädisini tirsegiň iç
tarapyndan gujoklap tutup we çep el bilen tamdyraň sapyny saklamaly(çep
elli üçün tersine). Aşakdakysurat
–da görülşi ýaly.
Hökman
kä bir öwrenjilere
şeýle bir sorog gelýändir!!
Näme
üçün sag el tirseginiň
iç tarapy bilen tutmaly diýip?
Saz çalynan wagty,
sag ely aşak we yokara oýnatmaga belli bir boş
ýer gerek. Tamdyryny çalýan
wagtyňyz, sag el şelpe kakanda,ýokardan aşak özüni oklap we aşakdan
yokara güç bilen galdyrylỹar.
Bu hereketleri etmek üçün sag eliň gan akymny rowan akar
ýaly,kädini tirsegiň iç tarapyna goyup saklamaklyk makuldyr.
Şelpäni kakylan wagty
ony tamdyraň her bir ýerine kakyp bolmaz.Sebäbi eger göni
gapaga şelpe kakylsa, tamdyradan çykýan awazdan başga, barmaklaryň
gapaga degýän sesi hem heňiň ýanynda şagyrdy
bolup eşidilýär.we bu ýaňlanýan sazyň
owadanlygyny pes edýär.
Tamdyrada şelpe kakylanda, ony tamdyraň bokurdagyndan çalyp we
arassa ses çykaryp bolýar.
kirişler we onuň sazlamasy
Bilşimiz ýaly tamdyraň awazy 2 kirşden çykýar.Not
system- de her bir kirşe özüne laýyk ady bar.
Türkmen sazlari Not system-de ýazmak üçün türkmen kompozitorlary
her bir türkmen saz guraly üçün we olaryň häsiýetlerine görä,
ýörite Kirşler we perdeler hem-de üflenýän gurallara, mynasyp
adyny beripdirler.
Türkmen tamdyrany 2 hilli sazlap bolýar.eger-de tamdyra orkester
ýa-da piano bilen bile çalynmaly bolsa onda,aşaky kirşy Not system-de
2-nji we3-nji çyzyk aralygynda ýerleşýän (a) ton beýiklige
düzüp we ýokarky kirşi1nji çyzykda duran (e) ton beýiklige
düzýäris.
Köne-den bize gelip ýetişen ýene-de bir usul
kirşleri düzmegi üçün,aşaky kirşy sazanda ýa bagşy öz islegine göre
çekip we ýokorky kirşy 5-nji perd- äñ aşaky kirşine deň be
deň sese sazlamasydyr.
Elbetde bu usul wagt geçen söň gerek ýeri yok.sebäbi
kirşlerden çykýan awaz eýýäm sazandaň gulagyna tanyş.
Tamdyraň perdeleri we ondan
ses almak
teknikleri
Bilşimiz ýaly tamdyraň 13 sany perdeleri bar.Bu 13 perde
her biri özüniň mag-sus bolan awazy bar.Saz çalynanda perde-den perde
böküp ol sesleriň ýygyn- dasyndan, ýaňlandyrjak
heňi çalýarys.
Perdäni tutup basmak üçün , baş barmak bilen ýokarky kyrşy alyp we
Perdäň halkasyna degmän kyrşy basmaly we orta barmak bilen aşaky Kyrşy baş
barm -magyň gönisinde däl-de iz ỹanynda goýmaly.
Tamdyrany çalmak sebäbli her bir saz öwrenji hökman birinjiden
perdelerden arassa ses çykarmany öwrenmeli-dir.şol sebäbli we hem-de barmaklary
dürli-dürli tutuwlara öwrenişdirmek üçün ýa saz öwrenjiler arasynda
aýdylşy ýaly barmaklary ýençmek sebäbli, öňüzdäki
ýümüşleri doly gaýtalap öwrenmeli.
1nji surat-da her bir perdäni tutup aşaglayn12nji perde çenli çalmaly.
Bu ýümüşler tamdyraň perdelerinden arassa ses çykarmak we
hem-de perdelerden çykýan awazy gulaga öwrenişdirmek-dir.Şonuň üçün
çalyp başlan wag- tyňyz,hiç hilli hauwlukman her bir perdäni bir-birden
tutup we olardan doly açyk ses bilen çalmak ugrunda bolyň.
2nji surat-da birinji perdeden tutan soň , 5nji barmak bilen 3nji
perdäni hem basyň we şeỹdip izli-izinden 12nji perde çenli dowam ediň.
Baş barmak we orta
barmak gapma-garşy durmany, izli-izinde durmaly.
Tamdyraň perdeleri we onuň
atlary
Öň aýdyp
geçişimiz ýaly Türkmen kompozitorlary her bir türkmen gurallar
üçün we onuň tonlaryny not ýazuwsynda ýazmak üçün
,dünýa sazçylyk kanuna deň bolan not ýazuwsyny her bir
gurallyň häsiýetine görä düzeldipdirler.Tamdyraň perdelerinde,
tonlaryň hemmesi ½ ton izlikde oturýar.

1 nji perde 2 nji perde 3 nji perde 4 nji perde
|
Ais …….b |
h……ces |
c´ |
c´is……d´es |
|
Baş perde |
Nowai perde |
Ýokarky açyk perede |
Ýokarky kyýamat perde |
Aşaky kyrş a
|
F |
fis…….ges |
g |
gis…..aes |
Ýokarki kyrş e
5 nji perde 6 nji perde 7 nji perde 8 nji perde 9 nji perde
|
D´ |
d´is…..e´s |
E´ |
f´ |
f´is…..g´es |
|
Bäşinji perde |
Geñzu perde |
Aşaky açyk perde |
Türkmen perde |
Ogurja perde |
|
A |
ais……b |
H |
c´ |
c´is….d´es |
a
e
10 nji perde 11 nji perde 12 nji perde 13 nji perde
|
G´ |
g´is…..a´es |
a´ |
a´is´ |
|
Göni perde |
Aşaky perde |
Kiçi şirwan perde |
Uly şirwan perde |
|
d´ |
d´is…..e´s |
e´ |
e´ís |
a
e
Sorak we ýümüş.
1.Tamdyra we onuň Türki dill halklara gatnaşygy sebäbi näme ? 2.Näem üçin Tamdyra kyrşy näçe inçe bolsa, çalmasy aňsat we owadan ýaňlanýar ? 3.Tamdyra owazy Not boýunça haýsy ses aralygynda düzülýär? we olaryň atlary nämeden ebarat?4.Tamdyra perdelerniň Not we halk arasyndaky ýörgünli atlaryny ýümüş edip öwreniň.
dutar.com


